Özbegistan Azerbaýjana we Türkmenistana Hazar deňzinde geologiýa-gözleg işlerini geçirmek we uglewodorod ýataklary özleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmegi teklip etdi.
Bu teklibi Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşykda belläp geçdi.
Mundan başga-da, Mirziýoýew Özbegistanyň Hazar deňzi arkaly ýük daşamak üçin öz parom kuwwatlyklaryny döretmäge gyzyklanýandygyny beýan etdi.
“Energetika howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň we energiýa serişdelerini üçünji ýurtlara eksport etmek üçin ugurlary ösdürmegiň zerurlygy bellenildi. Bu babatda Ýewropa ‘ýaşyl’ energiýa ibermek taslamasynyň geljegi uly diýip aýdylýar. Adaty uglewodorodlar boýunça bolsa Hazar deňzinde geologiýa-gözleg işlerini geçirmek we uglewodorod ýataklary özleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmek teklip edilýär” diýip, Özbegistan Prezidentiniň metbugat gullugynyň habarynda bellenilýär.
ULAG ULGAMY BOÝUNÇA HYZMATDAŞLYK
Şeýle hem Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ulag gatnawlary ulgamynda, şol sanda Zangezur geçelgesiniň ösdürilmegini öz içine alýan köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça anyk teklipler bilen çykyş etdi.
Özbek Lideri Orta koridory, şol sanda Zangezur geçelgesini ösdürmegi, şeýle hem möhüm meseleleri bilelikde hünärmenler derejesinde jikme-jik öwrenmäge girişmegi teklip etdi. Bu ýerde gürrüň, geçiş kuwwatynyň giňeldilmegi, Türkmenbaşy we Baku portlarynda döwrebap logistika infrastrukturasy döredilmegi, proseduralaryň sanlylaşdyrylmagy, ýükleriň gözegçiligi üpjün edilmegi we ylalaşylan tarif syýasatynyň alnyp barylmagy baradaky meselelerdir.
Öz gezeginde, Özbegistan esasy bazarlara iň gysga we işewürlik üçin peýdaly çykalgany üpjün etmek maksady bilen, özara esasda ulag tariflerini peseltmäge taýýardygyny beýan etdi.
ÖZARA SÖWDANY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA TEKLIPLER
Şeýle hem Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistan we Azerbaýjan bilen haryt dolanyşygyny we senagat hyzmatdaşlygynyň möçberlerini giňeltmek başlangyçlaryny amaly taýdan durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki hereketleriň “ýol kartasyny” taýýarlamagy teklip etdi.
Esasy ugurlar boýunça ministrleriň yzygiderli duşuşyklaryny geçirmek mehanizmini işe girizmek meýilleşdirilýär.
Ol soňky ýyllarda Özbegistanyň Türkmenistan we Azerbaýjan bilen özara söwda dolanyşygynyň iki esse artandygyny hem-de söwda dolanyşygynyň düzüminiň 40 göterimine çenli senagat harytlarynyň paýyna ýetendigini belledi.
Toplumlaýyn meýilnama çäklerinde durnukly söwda-logistika zynjyrlaryny ösdürmek, lomaý-paýlaýjy merkezleri döretmek we iri söwda ulgamlaryna çykmagy üpjün etmek, fitosanitar we karantin talaplaryny düzgünleşdirmek, önümlere sanly bellik girizmek, bilelikdäki elektron meýdançalary işe girizmek we haryt-çig mal biržalarynyň hyzmatdaşlygyny giňeltmek teklip edilýär.
