DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Pakistanyň daşary işler ministrleri Nýu-Ýorkda duşuşdy

Nýu-Ýorkdaky BMG-niň ştab-kwartirasynda Dostlaryň toparynyň mejlisiniň çäklerinde Pakistanyň daşary işler ministri Muhammad Ishak Dar bilen Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşini seljerdiler hem-de Pakistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň çuňňur häsiýete eýedigini tassykladylar.

Pakistanyň DIM-niň habar bermegine görä, Muhammad Ishak Dar söwda, maýa goýumlary, oba hojalygy, energetika, ulag we sebitara baglanyşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtady. Hususan-da, ol Pakistanyň Türkmenistana ýokary hilli et we oba hojalyk önümlerini eksport etmäge taýýardygyny mälim etdi.

Gepleşikleriň dowamynda demir ýol, awtomobil, awiasiýa we deňiz gatnawyny ösdürmek arkaly sebit üstaşyr geçelgelerini hem-de düzümleýin baglanyşygy berkitmäge aýratyn üns berildi. Bu bolsa söwdany, täjirçilik işjeňligini we ynsanperwer alyş-çalşygy höweslendirmäge gönükdirilendir.

Mundan başga-da, taraplar sebit we halkara gün tertibiniň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp, Birleşen Milletler Guramasy hem gysganyşykda bolmak bilen, köptaraplaýyn meýdançalarda özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Gazagystanyň Prezidenti ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy

Türkmenistan ÝB we Merkezi Aziýanyň Owganystan boýunça duşuşygyna gatnaşdy

Şawkat Mirziýoýew Donald Trampy Özbegistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy

Tramp ABŞ bilen Eýranyň arasynda ylalaşygyň baglaşylandygyny mälim etdi

Donald Tramp 80 ýaşady