Türkmenbaşy Halkara deňiz porty diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, sebitiň ykdysady ösüşi üçin-de öz ähmiýetini barha artdyrýar. Munuň şeýledigini ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen ýokary derejeli myhmanlaryň Merkezi Aziýanyň «deňiz derwezesi» bilen baglanyşykly gyzyklanmalary hem ýene bir ýola subut etdi.
Olaryň käbirleri ýurdumyza amala aşyran iş saparlarynyň dowamynda türkmen portuna baryp hem gördüler. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlar portuň mümkinçilikleri, şeýle hem gämi gurluşygy we gämi abatlaýyş boýunça portda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.
Merkezi Aziýanyň «deňiz derwezesiniň» üstümizdäki ýylyň ýagny ýanwar — iýun aýlary boýunça önümçilik görkezijileri bilen tanşanyňda-da göz ýetirmek bolýar.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan berlen käbir maglumatlara göz aýlalyň! Gürrüňi edilýän döwürde bu ýerde ýerine ýetirilen ýükleýiş-düşüriş we nebit guýmak işleri 4 million 209,5 müň tonna deň bolupdyr. Şol sanda portuň gury ýük terminallary boýunça ýükleriň ýükleýiş-düşüriş işleri 2 million 608 müň tonna ýetirilipdir. Nebit guýulýan duralgalarda nebit we nebit önümleriniň ýükleýiş-düşüriş işleriniň 1 million 601,5 müň tonna ýetirilendigi-de bu ýerdäki iş depgininiň barha ýokarlanýandygyny görkezýär.
Gürrüňi edilýän döwürde Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden peýdalanylyp eksporta ugradylan ýükleriň möçberiniň 2 091,680 müň tonna deň bolmagy Türkmenistanyň halkara söwda dolanyşygyndaky paýynyň ýyl geçdigiçe artýandygyny, şunda Merkezi Aziýanyň «deňiz derwezesiniň» ornunyň berkeýändigini aýan edýär. Munuň şeýledigini bu ugur boýunça gelýän importa degişli ýükleriň möçberiniň ýanwar — iýun aýlary boýunça 620,803 müň tonna deň bolandygy-da subut edýär.
Diňe 2025-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda türkmen deňiz portunyň üstünden geçirilen üstaşyr ýükleriň möçberi 569,605 müň tonna deň bolupdyr. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, işleriň 123,7 göterim ýerine ýetirilendigini görkezýär.
Şu ýerde deňiz portunyň mümkinçiliklerinden peýdalanylyp ugradylýan ýükleriň esasy ugurlarynyň Azerbaýjan, Russiýa, Türkiýe, Gruziýa, Özbegistan we Gazagystan döwletleri bolup durýandygyny-da nygtamak gerek.