JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýakyn wagtda Özbegistan Respublikasyna sapar bilen barar. Bu barada Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň hormatly Prezidentimize iberen minnetdarlyk hatynda bellenilip geçilýär.

Bu hatda ” Siziň ýakynda ýurdumyza amala aşyrjak saparyňyzyň ikitaraplaýyn hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny düýpgöter täze derejä çykarjakdygyna berk ynanýaryn” diýip, bellenilýär.

Hususan-da bu minnetdarlyk hatynda şeýle diýilýär:

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Ilki bilen, Siziň başlyklyk etmegiňizde Türkmenbaşy şäherindäki “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejede geçirilmegi bilen Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bu halkara maslahat Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň ýyl-ýyldan artýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Forumda ösüp barýan döwletleriň, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady we ulag arabaglanyşygyny pugtalandyrmak, olaryň üstaşyr kuwwatyny ýokarlandyrmak, dünýä bazarlaryna çykmak mümkinçiliklerini mundan beýläk-de giňeltmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemmetaraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylmagy oňa aýratyn ähmiýet berdi. Çäräniň çäklerinde Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmegi we Hereketleriň onýyllyk maksatnamasynyň tassyklanylmagy biziň bu asylly maksatlarymyza hyzmat eder. Şeýle hem Siziň bilen netijeli, açyk dialogymyzyň özara gatnaşyklarymyzyň ähli ileri tutulýan ugurlary boýunça köpugurly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygymyzy ösdürmäge kuwwatly itergi berjekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Ýurduňyzda saparda bolan wagtymda meni ýokary döwlet sylagy — Türkmenistanyň “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” ordeni bilen sylaglandygyňyz üçin Size we Onuň Alyhezreti, jenap Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa, şeýle-de doganlyk türkmen halkyna tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin. Bu ýokary sylagy diňe bir maňa we ähli özbek halkyna bildirilen sylag-hormatyň nyşany hökmünde däl-de, eýsem, biziň doganlyk halklarymyzyň arasyndaky baky dostlugyň nyşany hökmünde hem kabul edýärin. Siziň ýakynda ýurdumyza amala aşyrjak saparyňyzyň ikitaraplaýyn hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny düýpgöter täze derejä çykarjakdygyna berk ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asylly döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda Ählumumy dolandyryş boýunça Dostlar toparynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Annalena Berbok bilen duşuşdy

Türkmenistanda 59 daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habarçylary hasaba alyndy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmen halkynyň Milli Lideri diplomatlar bilen Arkadag şäherinde gurulýan metjide baryp gördi

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutlady

Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­ny berdi