JEMGYÝET

ARKADAG ŞÄHERI – YLHAM

Döwrüň kyssasy – şäherim!

Buşluk! Eý, halaýyk munda

Täze şäher bina bolmuş.

Ýalkymy dünýäge dolup,

Gül açdy gülgüzar durmuş.

 

Ak bagtyň Aý keşbi sende,

Gözel Arkadag şäherim!

Ajaýyp ahwala uçrar,

Gören Arkadag şäherin!

 

Beýik binalaň hatary,

Ýyllaň dowamyna meňzeş.

Guşlaryň kakýan nagmasy,

Ene hüwdüsine heňdeş.

 

Ýagty ýollaryň ýakasyn,

Köşgi-eýwanlar keşdelän.

Günler aşyk bolup bakar,

Gözel şäheriň keşbine.

 

Dyňzap duran duýgularyň,

Sözsüz beýany sendedir.

Hakdan berilmiş ykbalyň

Beýgi,

beýazy sendedir!

 

Juwanlygňa maýyl bolup,

Bagt goýnuňa baky gelmiş.

Öňde uzap ýatyr geljek,

Hakydaňda şanly geçmiş.

 

Ýylgyryp doganda Güneş,

Nur saçar sen göwünlere.

Dünýäň täsinligin bilmek

islänler gel, görüň ine!

 

Gülleýän görnüşi gözel

görküň nusgasy – şäherim!

Sözleri dürden düzülen,

Döwrüň kyssasy – şäherim

 

 

Sakçyýew Nury Kadyrmyradowiç,

    S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň

oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň

et-süýt önümlerini gaýtadan işlemek hünäriniň talyby.

 

Ýene-de okaň

Derýageldi Orazow Şäherleriň Bütindünýä Forumy üçin Azerbaýjana bardy

Özbegistanda ýeňiji bolan türkmen atşynaslaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Hökümet Baştutanlary bilen duşuşar

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Ýaponiýada Türkmenistan üçin talyp haklary mümkinçiliklerini giňeltmek maslahatlaşyldy