MEDENIÝET

Türkmenistanda Medeniýet hepdeligi badalga aldy

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Bu giň gerimli döredijilik çäresi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2013-nji ýyldan bäri Diýarymyzyň dürli sebitlerinde geçirilip, milli medeniýetiň köpöwüşginliligini aýdyň açyp görkezýär.

Sungat forumy türkmen halkynyň ruhy mirasyny gorap saklamaga, öwrenmäge we bütin dünýäde giňden wagyz etmäge, döredijilik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, täze zehinleri ýüze çykarmaga gönükdirilendir.

Hepdeligiň çäklerinde milli ruha beslenen çäreler geçirilip, olar Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleriniň, halkyň ruhubelentliginiň, abadan durmuşynyň çeper beýanyna öwrülýär. Her ýyl geçirilýän bu medeni forumda Watanymyzyň ösüşleri opera, aýdym-saz, kino we teatr, şekillendiriş, amaly-haşam sungaty, edebiýat ýaly ugurlarda belentden wasp edilýär.

“Türkmeniň ak öýi” binasynyň sahnasynda sungat ussatlarynyň, ýaş ýerine ýetirijileriň — dürli milli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň we meşhur aýdym-saz toparlarynyň konserti geçirildi. Joşgunly çykyşlar türkmen halkynyň baý mirasyny, sungat ussatlarynyň döredijilik ukyplaryny ýüze çykardy.

Ýene-de okaň

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi