SPORT

“Oklahoma” taryhynda ilkinji gezek NBA çempiony boldy

Amerikanyň Oklahoma ştatyndaky Oklahoma-Siti şäherinde ýerleşýän “Chesapeake Energy Arena” sport zalynda NBA-nyň “play-off” finalynyň ýedinji duşuşygy geçirildi. Bu oýunda “Oklahoma Siti Thunder” bilen “Indiana” toparlary duşuşdy. Ýer eýeleri 103:91 hasaby bilen ýeňiş gazandylar we seriýada 4:3 üstün çykyp, ýeňiji boldular.

Oýnuň iň netijeli oýunçysy “Oklahomanyň” lideri Şey Gildžes-Aleksandr boldy — kanadaly oýunçy 29 utuk, 12 netijeli pas we bäş top alyp, tapawutlandy.

“Indiananyň” ýolbaşçysy we esasy oýunçysy Tairiz Halibörton ilkinji çärýekde şikes aldy we oýny dowam etdirip bilmedi.

“Oklahoma” öz taryhynda ilkinji gezek NBA çempiony boldy. “Thunder” 1979-njy ýylda çempion bolan, ýöne şol döwürde topar “Seattle SuperSonics” ady bilen Sietlde çykyş edýärdi.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionaty: 40 ýaşdan uly 7 futbolçy çempionata gatnaşýar

Andres Iniesta tälimçi boldy

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady