SPORT

Iordaniýa ilkinji gezek dünýä çempionatynda çykyş eder

Iordaniýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Aziýa yklymynyň saýlama tapgyrynyň netijeleri boýunça Özbegistandan soňra Iordaniýa hem ilkinji gezek dünýä çempionatyna gatnaşar.

Aziýa yklymyda “B” toparçada çykyş edýän Iordaniýa Günorta Koreýanyň Yragy 2:0 hasabynda ýeňmegi bilen toparçada 16 utuk bilen 2-nji orny eýeledi. Şeýlelikde, bu toparçadan Günorta Koreýa bilen Iordaniýa dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyna eýe boldy.

Iordaniýanyň ýygyndysy 1953-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýär. 2024-nji ýylda taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň kubogynyň finalyna çykdy we finalda Katardan 3:1 hasabynda utuldy.

Häzirki wagtda Eýranyň, Ýaponiýanyň, Täze Zelandiýanyň, Argentinanyň, Günorta Koreýanyň we Özbegistanyň milli ýygyndylary 2026-njy ýylda dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanan milli ýygyndylar boldy.

“B” toparçany birinji tamamlaýan Günorta Koreýa taryhynda 12-nji gezek dünýä çempionatyna gatnaşar. Şu wagta çenli bu ýygyndynyň görkezen iň uly netijesi 2002-nji ýylda Günorta Koreýa we Ýaponiýada gurnalan dünýä çempionatynda 4-nji orny eýeläpdi.

Ýene-de okaň

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy