DÜNÝÄ

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Mongoliýa iş sapary

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekiliýeti Mongoliýada iş saparynda boldy. Bu barada Mongoliýanyň metbugaty habar berýär. Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ulan-Batorda Mongoliýanyň Medeniýet we Daşary işler ministrliginde gepleşikler geçirdi.

Türkmen wekiliýeti Mongoliýanyň medeniýet, sport, syýahatçylyk we ýaşlar ministri Çinbat Nomin bilen duşuşyp, medeniýet we syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdy.

Şeýle hem türkmen haly we milli senetçilik önümleriniň Mongoliýada bilelikdäki sergilerini guramak babatda ylalaşyldy. Bu başlangyç mongol halkyna türkmen halkynyň baý medeniýeti bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň we Mongoliýanyň nusgasy edebiýat eserlerini terjime edip, çap etmek babatdaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy. Mongol tarapy Türkmenistany “Çarwadar” bütindünýä festiwalyna gatnaşmaga çagyrdy, bu medeni çäre dünýäniň çarwadar halkarynyň medeni köpdürlüligini açyp görkezmekde möhüm meýdança bolup durýandygy bellenildi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekiliýeti Mongoliýanyň Daşary işler ministrliginiň döwlet sekretary Lhanaažawyn Munhtuşig bilen hem duşuşyk geçirdi.

Related posts

Eýran Türkmenistandan 30 milliard kubmetr tebigy gaz almagy meýilleşdirýär

Astana şäheri şenbe gününe gar bilen başlady

BMG 2025-nji ýyly «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi