MEDENIÝET

Moskwanyň haýwanat bagynyň rekordy

Moskwanyň haýwanat bagy haýwanlaryň görnüşleriniň sany boýunça dünýä rekordyny goýdy – haýwanat bagynda haýwanlaryň 1253 görnüşi bar. Bu barada edaranyň baş müdiri Swetlana Akulowa habar berdi.

“Moskwanyň haýwanat bagy haýwanlaryň görnüşleriniň sany boýunça dünýä rekordyny goýdy. Resmi taýdan dünýädäki haýwanat baglarynyň arasynda haýwanlaryň görnüşleriniň iň uly ýygyndysynyň rekordy goýduk. Haýwanat bagymyzda haýwanlaryň 1253 görnüşi bolup, planetanyň dürli künjeklerinden seýrek, ýitip gitmek howpy abanýan we ekzotik haýwanlaryň ýygyndysy bar.” – diýip, Akulowa belledi.

Baş direktor Moskwanyň haýwanat bagynyň diňe haýwanlary synlamak üçin bir ýer däldigini, biodürlüligi öwrenmek we gorap saklamak üçin ylmy barlag hyzmatyny amala aşyraýn merkezidigini belläp geçdi.

Related posts

Türkiýäniň meşhur aktýory aradan çykdy

Ata Watan Eserleri

Bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

Meniň mugallymym — meniň halypam    

Ata Watan Eserleri