DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Katara sapary

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri türkmen-katar parlamentara dostluk toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin bu ýurduň paýtagty Doha şäherine iş saparyny amala aşyrýarlar.

Iş saparynyň birinji gününde türkmen wekiliýetiniň hem-de Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisiniň gatnaşmagynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň merkezinde «Al Shark» gazetiniň baş redaktory Jaber Salem Al-Harmi bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde, iki ýurdyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigi, şol sanda parlament ugry boýunça netijeli gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikleriň döredilýändigi bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli  Parlamentiň düzümi  hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady  özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy.

Duşuşykda gatnaşyjylar Türkmenistanyň sebitde we dünýäde  parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň binýadyny berkitmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýetini, Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriň hem-de beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde birek-biregiň  başlangyçlaryny goldaýandyklaryny hem nygtadylar.

Türkmen-katar döwletara we parlamentara gatnaşyklary barada şol ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde degişli maglumatlaryň berilmegi hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegine oňyn täsir  edýär.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi 1 aý dynç alar

Ata Watan Eserleri

Lawrow: Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklary giňelderis