DÜNÝÄ

Türkmen-tatar parlamentara gatnaşyklara berkeýär

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy pursatdan peýdalanyp, kärdeşini şanly 75 ýaşynyň dolmagy bilen gutlap, oňa berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny we işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Söhbetdeşler dost-doganlyk gatnaşyklary berk ýola goýlan Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasynda giň gerimli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar. Bu bolsa taraplaryň däp bolan hyzmatdaşlygy wagtyň synagyndan geçen esasda ýola goýmaga özara ygrarlydygynyň aýdyň beýanydyr.

Men Tatarystan Respublikasyna ýakynda bolan saparymy, biziň wekiliýetimiziň myhmansöýerlik we göwnaçyklyk bilen kabul edilmegini aýratyn mähir bilen ýatlaýaryn diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy hem-de geçirilen gepleşikleriň we duşuşyklaryň dowamynda gazanylan üstünligiň gatnaşyklarymyzyň ähli pudaklarda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine şaýatlyk edýändigini nygtady.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň parlamentara gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygyny islendik wagt Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy hem-de şol saparyň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

 

Dubaý we Kazan ugruna adaty gatnawlar başlaýar

Ýene-de okaň

Raşid Meredow Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Antalýada Türkmenistanyň we Ukrainanyň ministrleriniň duşuşygy boldy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň ministrleri Antalýada duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasynyň çäginde geçirilen Ýaşlar forumyna gatnaşdy

Türkmenistan GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

SOCAR-yň ýolbaşçysy Röwşen Najaf Türkmenistanda saparda boldy