JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Gazagystan söwda dolanyşygyny 1 milliard dollara ýetirer

Türkmenistan bilen Gazagystan arasyndaky söwda dolanyşygynyň möberi 500 million dollara deňdir. Bu barada Gazagystanyň “Kazinform” agentligi habar berýär.

Bu barada Gazagystanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Murat Nurtleu habar berip, Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşine söwda, senagat, energetika, ulag, logistika ulgamyndaky özara bähbitli taslamalaryň goşant goşandygyny belledi.

– Biz şu gün hormatly kärdeşim, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen netijeli gepleşiklerimiz boldy. Öňde goýlan weziepeleri kesgitledik. Umuman, netijeli işler geçirild. Biz wezipeleri öz wagtynda ýerine ýetirmek babatda tagallalar etmek hakynda ylalaşdyk. Mundan beýläk-de, hökümetara hem-de parlamentara gatnaşyklary giňletmek babatda gyzyklanmalary tassykladyk – diýip, Murat Nurtleu Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen geçiren gepleşiklerinden soňra metbugat beýanatynda belläp geçdi.

Gazagystanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bahar paslynda syýasy geňeşmeleri guramak babatda ylalaşandyklaryny belläp, häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 500 million dollara deňdigini belläp, muny 1 milliard dollara ýetirmek babatda ylalaşandyklaryny aýtdy. Bu babatda hökümetara toparyň bu maksatlara ýetmegi üçun iş toparynyň işini işjeňleşdirjekdigini belledi.

Gazagystanyň Türkmenistana eksport möçberini 120 million dollara çenli artdyrmaga taýýardygyny bellän Murat Nurtleu köptaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardyklaryny belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady