DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Pakistandaky ýokary komissary hanym Jeýn Merriot Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasyna bardy.

Duşuşykda taraplar sebitdäki ýagdaýlara syn berdiler. Olar Owganystanda ýagdaýy durnuklaşdyrmak we parahatçylygy berkitmek boýunça umumy gyzyklanmalaryny mälim etdiler.

Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow Bitarap Türkmenistanyň sebitde we onuň daşynda ykdysady ösüşi höweslendirmäge, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge gönükdirilen syýasaty barada gürrüň berdi.

Ol Türkmenistanyň hökümetiniň Owganystan bilen bagly infrastruktura we energiýa taslamalaryny durmuşa geçirmäge, şeýle hem owgan halkyna ynsanperwer kömegini bermäge ygrarlydygy barada belläp geçdi.

Hanym J. Merriot hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasatyna ýokary baha berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy