BIZNES

Türkmenistan we Pakistan ulag-logistika hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Yslamabatdaky ilçihanasynda Zahir Uddin Babaryň ýolbaşçylygyndaky Pakistanyň Milli logistika korporasiýasynyň (NLC) wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda ulag-logistika infrastrukturasy we ulag gatnawlary bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar iki ýurduň çägini özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ulag gatnawlary üçin ulanmak mümkinçliginiň uludygyny bellediler. Taraplar özara hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek üçin yzygiderli duşuşyklary geçirmek boýunça ylalaşdylar.

Related posts

Täjigistanyň ykdysady ösüşi 8,4 göterime deň boldy

Türkmenbaşy porty Özbegistan bilen Azerbaýjany üstaşyr ýük daşamalary bilen baglanyşdyrýar

Yıllık 1 Milyon ton kapasiteli çimento fabrikası ihalesi

vepa