DÜNÝÄ

Wengriýada Türki Döwletleriň Guramasynyň resmi däl sammiti geçiriler

Şu ýylyň 21-nji maýynda Wengriýada Türki Döwletleriň Guramasynyň resmi däl sammiti geçiriler. Bu barada guramanyň Wengriýa boýunça wekili Balaž Hendrih Türkiýäniň Prezidentiniň Diwanynyň Aragatnaşyk müdirliginiň gurnan maslahatynda eden çykyşynda belledi.

Türki Döwletleriň Guramasyna agza hem-de synçy döwletleriň arasynda syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni ynsanperwer gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär.

2009-njy ýylda Türki geňeş döredildi weStambulda geçirilen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň VIII sammitinde onuň ady üýtgedilip, Türki Döwletleriň Guramasy diýlip atlandyryldy.

Bu gurama agza döwletler: Türkiýe, Azerbaýjan, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan bolup durýar. Türkmenistan bilen Wengriýa guramanyň synçy agzalarydyr.

Türkmenistanyň bu gurama bilen baglanyşykly birnäçe halkara düzümler, hususan-da Türki Döwletleriň Guramasynyň Parlament Assambleýasy, Türki Söwda-senagat edarasy, Türki medeniýetiniň we mirasynyň Gaznasy hem-de Türk Akademiýasy bilen hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegine gyzyklanma bildirýär.

Related posts

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisi dowam edýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ÝHHG-niň Parlament Assambleýasyna gatnaşýar

Owganystana goldaw bermek dowam etdiriler