Hormatly Prezidentimiziň sagdyn jemgyýeti berkarar etmek meýillerine daýanýan hem-de durnukly ösüş maksatlary bilen sazlaşýan syýasatynda ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketi barha giň gerime eýe bolýar. Ýaşlarda durmuşa işjeň garaýşyň kemala gelmegi olaryň giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy sagdyn bolmagynyň esasy şertleriniň biridir. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde her bir raýatyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga hukuklarynyň deň elýeterliligi kepillendirilýär. Türkmen türgenleri dünýäniň sport giňişliginde has işjeň çykyş edip, dürli derejeli medallara mynasyp bolýar.
Häzirki döwürde ata Watanymyz Türkmenistan sport ýurdy hökmünde bütin dünýäde belent ykrarnama eýe bolýar. Ýurdumyzyň sport abraýyny arşa galdyrmakda talyp türgenlerimiziň hem uly goşandynyň bardygyny bellemek gerek.
Türkmenistan soňky ýyllarda sporta aýratyn ähmiýet berýän ýurtlaryň biri hökmünde tanalýar. Ýurdumyzda halkara derejeli sport ýaryşlary geçirilýär. Türgenlerimiz halkara ýaryşlaryna işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara — altyn, kümüş, bürünç medallara mynasyp bolýarlar. Bu üstünlikleriň sakasynda döwlet Baştutanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň sporta we bedenterbiýe hereketine berýän aýratyn ünsi, yhlas-aladalary durýar.
Türkmenistan iri halkara ýaryşlara işjeň gatnaşmak bilen bir hatarda, sebit we dünýä derejeli ýaryşlary kabul etmäge giň mümkinçilikleri bolan ýurt hökmünde uly abraý gazandy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň sport diplomatiýasyny dünýä ýaýmak, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini dabaralandyrmak, sport arkaly dost-doganlygy, şeýle-de köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek bilen bagly iri çäreler toplumlarynyň netijesidir. Şunuň bilen birlikde, 2024-nji ýylyň aprelinde paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryş eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ýola goýlan we bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen täze ösüşlere beslenýän hokkeý boýunça milli mekdebimiziň toplan tejribesinidir ýeten derejesini aýdyň görkezdi.
Milli sportumyzyň taryhyny bezän wakalaryň biri hökmünde geçen ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda geçirilen tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşy bellemek bolar. Bu ýaryşda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzda hemmetaraplaýyn ösýän sportuň görnüşleri boýunça täze ussatlaryň kemala gelýändigini görkezmegi başardylar.
Şeýle iri sport çärelerini guramakda paýtagtymyz Aşgabatda hem-de Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde gurlup ulanmaga berlen iri sport desgalarynyň, toplumlaryň, stadionlaryň aýratyn ähmiýeti bardyr. Şeýle binýadyň döredilmegi ýurdumyza 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny, 2023-nji ýylda bolsa Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berdi.
Paýtagtymyzda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri», paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi bolsa hormatly Prezidentimiziň alyp barýan sport syýasatynyň halkara giňişlikde uly goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.
Ýurdumyzda aýratyn ähmiýet berilýän sport görnüşleriniň biri-de awtomobil sportudyr. Awtomobil sportuny ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler ilatyň, ilkinji nobatda, ýaş nesilleriň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmeklerine gönükdirilýär.
Milli Liderimiziň başlangyjy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli goldawy netijesinde milli awtomobil sporty mekdebi barha kämilleşýär. Sport awtoulaglarynyň hatary täze ulaglar bilen yzygiderli artdyrylýar. Ýeri gelende ýatlasak, ýurdumyzda Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda 2018-nji ýylyň sentýabrynda «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi geçirildi.
Sport — sagdynlygyň we ruhubelentligiň çeşmesi. Döwrüň sport babatdaky gyzyklanmalarynyň başynda durýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!
Muhammetguly Nurlyýew,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy.