Türkmenistanyň Bilim Ministrliginde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary bilen Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Jaap Oranyň ýolbaşçylyk edýän resmi saparynyň çäklerinde duşuşyk geçirildi. Jenap Oran Astana şäherinde ýerleşýän ilçihana akkreditirlenendir.
Duşuşyga Estoniýa tarapyndan, Gazagystan Respublikasyndaky Estoniýanyň Ilçihanasynyň konsuly Maýa Tasa gatnaşdy.
Duşuşykda iki ýurduň bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen wekilleri Estoniýanyň wekiliýetine Türkmenistanyň bilim ulgamynda gazanan soňky üstünlikleri, şol sanda sanlylaşdyrma we häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy baradaky maglumatlary berdiler.
Hususan-da, Türkmenistanyň bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy hem-de Bilimiň Hilini Bahalandyrmak boýunça Halkara Maksatnamasyna (PISA) goşulmak mümkinçilikleri barada aýratyn gürrüň edildi. Eston tarapy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we PISA maksatnamasyna gatnaşmak boýunça öz tejribesini paýlaşmaga taýýardygyny nygtady.
Estoniýanyň wekiliýeti tarapyndan esasy teklipleriň biri hökmünde, türkmen wekiliýetiniň başlangyç, orta, ýörite orta, hünär-tehniki we ýokary bilim ugurlary boýunça tejribe öwrenmek maksady bilen Estoniýa sapar etmegi teklip edildi. Bu sapar ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da berkidilmegine we iň gowy bilim tejribelerini alyşmak üçin platforma döretmäge mümkinçilik berjedigi bellenildi.