SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Arkadag şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisi geçirildi. Oňa Müdiriýetiň agzalary, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda lukman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory, gaznanyň Müdiriýetiniň agzasy M.Öküzowa söz berdi.

M.Öküzowa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri boýunça hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, merkezde mümkinçiligi çäkli çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi.

Merkeziň çagalar bagyny şu ýyl jemi 27 çaga üstünlikli tamamlap, olar Arkadag şäheriniň ak mekdeplerine gadam basdylar. Häzirki wagtda bu ýerde 100-e golaý çaga terbiýelenilýär.

Mundan başga-da, lukman Arkadagymyzyň tassyklan Meýilnamasy esasynda welaýatlardan we Aşgabat şäherinden gelen çagalar häzirki wagtda dikeldiş bejerginiň ikinji tapgyryny aldylar.

Hasabat döwründe, dikeldiş lukmançylygynda dünýä tejribesini özleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Awstriýanyň «SANLAS Holding GmbH» kompaniýasy bilen, baglaşylan üçtaraplaýyn Ähtnamanyň çäklerinde degişli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Hasabat döwründe merkeziň lukmanlarynyň we pedagoglarynyň birtopary «Çaganyň irki ösüşi we irki goşuluşma«, «Autizmiň dürli görnüşleri bolan çagalary idetmek boýunça tejribe alyşmak» ýaly halkara derejesindäki okuw maslahatlaryna guramaçylykly gatnaşdylar.

Ýene-de okaň

Uganda türkmen syýahatçylaryny myhmançylyga çagyrýar

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiapetekleriň bahasyny arzanlatdy

Ata Watan Eserleri

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy