JEMGYÝET

Aşgabatda halkara ulag forumy öz işine başlady

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli geçirilýän «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady. Bu halkara çäräsina “Ata Watan Media” topary hem gatnaşýar.

Bu giň möçberli çäräniň gurnaýjysy hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi çykyş edýär. “Belli” hojalyk jemgyýeti halkara forumyň guramaçylarynyň biri bolup çykyş edýär.

Bu halkara gözden geçirilişde Türkmenistanyň ulag we logistika pudagynyň soňky gazananlary bilen tanyşdyrýarlar.

Mundan başga-da sergide awtoulag öndürijileri, logistika merkezleri, ätiýaçlandyryş kompaniýalary, deňiz portlarynyň, howa menzilleriniň we demir ýollarynyň administrasiýalary üçin enjamlar bilen üpjün edijileriň ekspozisiýalary ýörite gurnalan pawilýonlarda görkeziler.

Related posts

Turizm haftası Aşkabat’ta kutlandı

vepa

Türkmenistanyň Prezidentine “Mert” atly garabag bedewi sowgat berildi

Adam atlarynyň manysy 22-nji ýanwar

Ata Watan Eserleri