BIZNES

Türkmenistan Stambuldaky World Halal Summitine gatnaşar

2024-nji ýylyň 27-30-njy noýabrynda Stambulda halal pudagynyň iň möhüm wakalaryndan biri – “Halal Expo” we “World Halal Summit” geçiriler. Türkiýäniň Prezidentiniň howandarlygynda geçirilýän çäre “Istanbul Expo Center” merkezinde geçiriler.

Bu halkara çärä Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Halkara çäreleriň çäklerinde “B2B” görnüşinde işewürlik duşuşyklary geçirilip, Türkmenistanyň kompaniýalary dünýäniň dürli künjeginden bu sergä gatnaşmak üçin gelýän 500 töweregi kompaniýalar bilen duşuşmak mümkinçiligine eýe bolar.

Dünýäniň iň iri “halal önümleriň” çäresi hasaplanýan bu ykdysady gözden geçirmä 40000 müňe golaý myhmanyň baryp görmegine garaşylýar.

Sergä 25 döwletden wekilleri gatnaşyp, öz önümlerini hödürlärler.

Related posts

Ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň üpjün edilmeginiň Maksatnamasy tassyklandy

Azerbaýjanyň kompaniýalary “Agro Pack Turkmenistan-2026” halkara sergisine gatnaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti OPEK-iň Halkara ösüş gaznasynyň üçünji ösüş forumyna gatnaşdy