BIZNES

Türkmenabatda türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumynyň we Özbegistanda öndürilýän harytlaryň sergisiniň çäklerinde Türkmenabat şäher häkimliginde geçirilen duşuşyga iki tarapyň hem wekiliýetleriniň ýolbaşçy düzümleri gatnaşdy. Bu barada “Jeyhun.news” habar berýär.

Has takygy, türkmen tarapyna degişli ministrlikler, Lebapwe Daşoguz  welaýatlarynyň häkimlikleri, Döwlet haryt-çig mal biržasy, Söwda- senagat edarasy, Senagatçylar we telkeçiler birleşmesi, özbek tarapyna bolsa degişli ministrlikler we pudak edaralary wekilçilik etdi.
«Tegelek stoluň» başyndaky pikir alyşmalarda iki ýurduň arasynda söwda hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda taraplar öz mümkinçilikleri barada gürrüň berip, özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem
ösdürmäge döwtalapdygyny mälim etdiler. Iki ýurtda hem bir-biregi özüne çekýän ykdysady aýratynlyklar barmak büküp sanardan kän. Işewür düzümleriň arasyndaky berk hyzmatdaşlyk göz öňünde tutulýan ugurlarda bilelikdäki ösüşi üpjün etjek esasy gural bolar.

«Tegelek stoluň» başynda geçirile söhbetdeşlikde taraplar medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň hem geljegine ýokary baha berdiler. Şu gezekki forumyň we serginiň Özbegistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň dabaralaryna utgaşmagy hem özboluşly sazlaşygy emele getirdi. Bellenilişi ýaly, iki halk şu ýyl akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk dabaralaryny bilelikde belledi. Bu şanly sene mynasybetli türkmen we özbek kinematograflarynyň bilelikde surata düşüren filmi geljekdäki hyzmatdaşlygyň täze körpüsine öwrüldi. Taraplar muzeý işi, milli golýazmalary, umumy taryhy bilelikde öwrenmek babatynda hem hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge taýýar.

Türkmen-özbek forumynyň we milli serginiň geçirilýän ýerinde -«Türkmeniň ak öýi» binalar toplumynda türkmen we özbek işewürleriniň ikiçäk duşuşyklary geçirildi. Olarda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu gün ― 21-nji noýabrda bu gepleşikleriň birnäçesiniň öz netijesini berip, degişli ylalaşyklaryň gazanylmagyna garaşylýar.

 

Ýene-de okaň

Türki dünýäsiniň zenan işewürleri Astanada duşuşdy

Türkmenistanda Özbegistanda öndürilýän harytlaryň milli sergisi geçirildi

Aşgabat – Astrahan – Kazan ugry boýunça uçar gatnawy maslahatlaşyldy

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky Türkmenistanda 87 taslamany maliýeleşdirdi

Türkmenistan bilen Hytaý energetika hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda “Körpeje” gaz gysyjy desgasynyň işi döwrebaplaşdyrylýar