BIZNES

Birža täzelikleri: özbek telekeçileri float aýna satyn aldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy.

Nebiti gaýtadan işleýän senagatyň önümleri ýokary islegden peýdalanýar. Şeýlelikde, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Özbegistanyň, Pakistanyň, Owganystanyň, Maltanyň we beýleki döwletleriň işewür toparlarynyň wekilleri suwuklandyrylan gazy, dizel ýangyjyny, awtobenzini, ýangyç mazudyny we uçar kerosinini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň telekeçileri nah ýüplügi, Özbegistanyň telekeçileri bolsa float list aýnany satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 181 million 691 müň dollaryndan gowrak boldy.

Related posts

TAPI Gaz Boru Hattı Projesi için İş Grubu Kuruldu

vepa

TNGIZT bilen “Petro Gas LLP” kompaniýasy şertnama baglaşdy

Türkmenistan täze teplowozlary satyn aldy

Leave a Comment