Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün iş ýerinde we hünär derejäňizde öňegidişlikleri gazanmak üçin amatly pursat. Täze başlangyçlara girişmekden ýa-da möhüm resminamalary gol çekmekden çekinmäň. Şahsy gatnaşyklarda bolsa açyk bolmak, ýakynlaryňyz bilen aradaky düşünişmezlikleri ýeňip geçmäge kömek eder.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Maddi üpjünçiligňizi we maliýe ýagdaýyňyzy pugtalandyrmak üçin peýdaly mümkinçilikler ýüze çykyp biler. Söwdan satyk ýa-da pul serişdelerini dolandyrmak bilen bagly meselelerde seresaply we paýhasly hereket ediň. Öý hojalyk işlerine üns bermek ruhy taýdan dynç almaga ýardam berer.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Aragatnaşyk we täze maglumatlary özleşdirmek üçin gowy gün. Işewürlik gepleşiklerinde öz garaýyşlaryňyzy ynamly beýan ediň, bu bolsa kärdeşleriňizin we ýolbaşçylaryňyzyň hormatyny gazanmaga itergi berer. Agşamyny ýakyn dostlaryňyz bilen geçirmek ruhuňyzy göterer.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Içki duýgyňyza we duýdansyz gelýän pikirleriňize gulak asyň. Bu gün käbir çylşyrymly meseleleri çözmekde özboluşly ýollary tapyp bilersiňiz. Maşgala agzalaryna üns bermek we olaryň aladalaryna düşünmek öýdäki ýagdaýy has-da parahatçylykly eder.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Liderlik ukybyňyzy we guramaçylyk zehiniňizi görkezmek üçin amatly pursat. Işde ýa-da jemgyýetçilik işlerinde jogapkärçiligi öz üstüňize alyp bilersiňiz. Şahsy durmuşda bolsa ýakyn adamyňyza garşy has ünsli we mähirli bolmak gatnaşyklary pugtalandyrar.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Iş tertibine we jikme-jikliklere aýratyn üns beriň. Resminamalar bilen işlemek, hasabat taýarlamak ýa-da meýilleşdiriş işleri üçin ajaýyp gün bolar. Saglygyňyza we gündelik işleriňize üns berip iş bilen dynç almagyň arasyndaky deňagramlylygy saklaň.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Işewür we şahsy gatnaşyklarda deňagramlylygy saklamak möhümdir. Jedelli ýagdaýlarda ylalaşykly ýollary tapmak üçin diplomatiýa ukybyňyzy ulanyň. Içki asudalygy saklamak maksady bilen, tebigatda gezelenç etmek ýa-da halaýan zadyňyz bilen meşgullanmak peýdaly bolar.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu gün maksatlaryňyza ýetmekde tutanýerlilik we özboluşly çemeleşme zerur bolar. Çylşyrymly we dowam edýän meseleleri çözmek üçin içerki güýçleriňizi jemläň. Maliýe meselelerinde töwekgelçilikli ädimlerden gaça durmak we ähli resminamalary iki gezek barlamak maslahat berilýär.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu gün maksatlaryňyza ýetmekde tutanýerlilik we özboluşly çemeleşme zerur bolar. Çylşyrymly we dowam edýän meseleleri çözmek üçin içerki güýçleriňizi jemläň. Maliýe meselelerinde töwekgelçilikli ädimlerden gaça durmak we ähli resminamalary iki gezek barlamak maslahat berilýär.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Täze bilimleri almaga, syýahat etmäge ýa-da hünär derejäňizi ýokarlandyrmaga bolan gyzyklanmaňyz artar. Bu wagt geljek üçin meýilnamalary düzmek we täze taslamalara badalga bermek üçin amatly döwür. Şeýle hem köpçülikleýin çärelerde çykyş etmek ýa-da pikir alyşmak netijeli bolar.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Kärdeşler we hyzmatdaşlar bilen işewür gatnaşyklary ösdürmek üçin oňaýly gün. Maksatlaryňyza ýetmekde özüňize bolan ynam we zähmetsöýüjilik üstünlik getirer. Maşgala durmuşynda bolsa durnuklylygy saklamak we öý işlerine ýardam bermek ýakymly duýgulary peşgeş berer.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Dünýägaraýyşlaryňyzy giňeltmek we döredijilik taslamalary bilen meşgullanmak üçin amatly gün. Täze pikirleriňiz töweregiňizdäki adamlar tarapyndan gyzgyn garşylanyp biler. Şeýle hem dostlaryňyz ýa-da pikiri bir adamlar bilen duşuşmak täze ylham çeşmesi bolar.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
