BIZNES

Hytaý ABŞ-dan ozdurdy

Bu ýyl dünýäniň iň uly kompaniýalarynyň sanawynda düýpli üýtgeşmeler boldy. 30 ýyl ozal hatda 1 kompaniýasy hem sanawa goşulmadyk Hytaý şu ýyl ABŞ-dan öňe geçdi. Türkiýeniň kompaniýalaryndan diňe biri sanawa goşuldy.

Dünýädäki iň uly kompaniýalaryň sanawyny berýän “Fortune 500” täze sanawy yglan edildi. 1990-njy ýyldan bäri neşir edilýän sanaw şu ýyl düýpgöter üýtgedi.

Hytaýda ýerleşýän kompaniýalaryň sany ilkinji gezek ABŞ-dan öňe geçdi. Bu ýyl sanawdan Hytaýdan we Gonkongdan 124 kompaniýa girdi. ABŞ-dan bolsa 121 kompaniýa  “Fortune 500” sanawyna goşuldy.

Sanawyň başynda 523 milliard dollar girdejisi bolan Amerikanyň bölek satuw ägirdi “Walmart” bar. Ondan soňra 407 milliard dollar bilen “Sinopec”, 383 milliard dollarlyk “Grid” we 379 milliard dollarlyk “China National Petroleum” atly üç sany kompaniýa Hytaýa degişlidir. Sanawda 5-nji ýerdäki Niderlandrlarda ýerleşýän “Royal Dutch Shell” -iň girdejisi 352 milliard dollar boldy.

Bu sanawda türk kompaniýasy hem orun aldy. Geçen ýyl 423-nji ýeri eýelän “Koç Group” 27 milliard dollar girdeji gazanyp, şu ýyl 471-nji orna mynasyp boldy boldy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder

Eýran sebit ýurtlary bilen söwda hyzmatdaşlygyny ýeňilleşdirmegi we ösdürmegi meýilleşdirýär

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

“Türkmennebit” döwlet konserni buraw turbalaryny satyn alar

“Türkmengaz” döwlet konserni polat turbalary satyn alar