JEMGYÝET

“Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy-2024” atly halkara sergisi geçirilýär

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024” atly halkara sergisi öz işine başlady. “Ata Watan Media” toparynyň hem gatnaşan halkara forumy Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýär.

Halkara sergisine ýurdumyzyň hökümet agzalary, Türkmenistandaky daşary ýurt ilçihanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, rektorlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de köp sanly myhmanlar gatnaşdy.

5-nji noýabra çenli dowam edýän bu sergini Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Energetika ministrligi, “Tükrmenhimiýa” döwlet konserni, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi, şeýle hem Aşgabat şäher häkimligi guraýar.

Halkara serginiň açylyş dabarasy hormatly Prezidentimiziň Gutlagynyň okalmagy bilen başlady. “Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, gurluşyk we senagat pudagy hem ýokary depginler bilen ösýär. Gurluşyk we senagat toplumynda innowasion önümçilikleri döretmek, iri senagat kärhanalaryny gurmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ulgama sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak wezipeleri üstünlikli çözülýär” diýip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilýär.

Halkara sergi hem-de şol bir wagtda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahaty üçin 30 gowrak döwletden 330-dan gowrak wekiliýet gatnaşýar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň ozaldan gelýän esasy hyzmatdaşlary “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk, “Mitsubishi” kompaniýasynyň sebitleýin wekili Ýasunori Sakamoto we beýlekiler bar.

Halkara sergine gatnaşan daşayr ýurtly kompaniýalaryň hatarynda türk firmalarynyň akdyklyk edýändigini görmek bolýar. Türkiýäniň gurluşyk, energetika we senagat pudagynda iş alyp barýan 40-a golaý kompaniýasy Aşgabatdaky sergä gatnaşýar. Bu hem öz nobatdaky Türkmenistanyň iri söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolan Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga has köp ähmiýet berýändiginiň görkezijisidir.

Şeýle hem sergä gatnaşan Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok türk kompanilarynyň diwarlyklaryna aýlanyp görüp, kompaniýalaryň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyklary bilen gyzyklandy.

Mälim bolşy ýaly, golaýda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok türkmen metbugatyna beren beýanatynda iki ýurduň özara söwda möçberiniň yzygiderli artýandygyna ünsi çekip, 2024-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ikitaraplaýyn söwda 1.532 milliard dollara ýetip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 16 göterim köpdügini belläpdi.

Şeýle hem sergide Günorta Koreýanyň, Beýik Britaniýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň, Hytaýyň we başga-da ençeme döwletleriň iri kompaniýalary öz diwarlyklary bilen önümçiliklerini görkezýärler.

 

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow final tutluşygyna çykar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Eýran-IRU: özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi

Arkadag şäheri Ýewropa Hil barlaglary jemgyýetiniň hil baýragyna mynasyp boldy

BAE-niň ilçisi: BAE Türkmenistanyň iň uly dördünji söwda hyzmatdaşy

Ata Watan Eserleri

Türkmen ýaşlary üçin! Wengriýanyň uniwersitetleri üçin gerekli resminamalar

Türkmen ýaşlarynyň dykgatyna! Hytaýyň uniwersitetleri üçin gerekli resminamalar