Times Higher Education (THE) guramasy 2025-nji ýyl üçin Dünýä Uniwersitetleri Reýtingini çap etdi. Üstümizdäki ýyl sanawa 2,092 uniwersitet girip, 115 ýurtdan ýokary okuw mekdepleri gatnaşdy. Bu sanawda Angliýanyň Oksford uniwersiteti ýene-de birinji ýeri eýeledi. Massaçusets Tehnologiýa Instituty (MIT) 2-nji orny almagy başardy, Stanford Uniwersiteti bolsa 6-njy ýere düşdi. Sanawda ABŞ-nyň ýokary okuw mekdepleri agdyklyk eden bolsa-da, Aziýa we Ýewropanyň hem birnäçe uniwersitetleri sanawyň ýokary basgançaklarynda ýer aldy.
THE tarapyndan çap edilýän bu reýting ýokary bilim ulgamynda halkara derejede iň abraýly sanawlaryň biri hasaplanýar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi her ýyl “Dünýäniň okuw mekdepleriniň öňdeligini düzýän halkara guramalarynyň kesgitleýän sanawyny” kabul edende, THE guramasynyň reýtingini hem nazara alýar. Şeýle-de bolsa, Türkmenistanyň Bilim ministrligi entek 2025-nji ýyl üçin resmi kabul eden sanawyny halk köpçüligine ýetirmedi. Bu sanaw adatça bolsy yaly her yylyn başynda ýaýradylýar. Biz “Ata Watan media” topary bolup, şu habary size yetireris,
Reýtingde Uniwersitetleriň Görkezijileri Bilen Tanyşlyk
THE reýtinginde uniwersitetleriň görkeziji toparlary ylmy gözlegleriň derejesi, okatmagyň hil derejesi, halkara hyzmatdaşlyklary we iş üpjünçilik mümkinçilikleri ýaly esasy görkezijiler boýunça bahalandyryldy. Şeýle-de, uniwersitetleriň halkara derejede hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri we daşary ýurtly talyplaryň sany hem göz öňünde tutuldy. Bu ýyl sanawa giren okuw jaýlarynyň sanynyň artmagy bilen, global bilim bäsdeşliginde deňlik we hil ölçegleri öňe çykaryldy. Sanawa täze giren uniwersitetleriň hatarynda Braziliýanyň, Saud Arabystanynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň ýokary okuw mekdepleri bar.
Sanawda iň öňdebaryjy orunlary eýelän uniwersitetler diňe bir ylmy gözleglerde däl, eýsem okatmagyň hil derejesinde we geljekki talyplar üçin halkara derejede dürli mümkinçilikleri hödürlemekde hem tapawutlanýarlar. Bu ýagdaý, ýokary okuw mekdepleriniň geljekki ösüş mümkinçiliklerini we halkara bazarynda bäsdeşlik mümkinçiliklerini has-da güýçlendirýär. Hususan-da, Oksford Uniwersitetiniň 9-njy gezek birinji ýeri eýelemegi, ýokary okuw mekdepleriniň bilim hilini saklamak boýunça görkezýän tagallasynyň ýokary derejede bolandygyny görkezýär.
Mahabat:
Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime
Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.
“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi
Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,
Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401
Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55
Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com