DÜNÝÄ

Täjigistanda Magtymguly Pyraga bagyşlanan brifing

2024-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirildi. Çärä täjik intelligensiýasynyň wekilleri, Täjigistandaky ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary, şeýle-de Täjigistandaky türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşykda Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, onuň dünýä edebiýatyna we medeniýetine goşan goşandy, şeýle-de nesilleri ruhlandyrýan pikirleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Magtymgulynyň galdyran medeni mirasynyň ähmiýeti we onuň dünýä edebiýatyndaky orny aýratyn bellenildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary tarapyndan taýýarlanan tanyşdyryş slaýdlarynda, şahyryň döredijiliginiň häzirki döwürde hem aktualdygy, halklary we medeni däp-dessurlary birleşdirýän güýji barada nygtaldy.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň jemleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Brifinge gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine we halkara hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berýändigini aýratyn nygtadylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýurduň geljegi bilen baglanyşykly wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin platforma bolmagyny dowam etdirýändigi bellenildi.

Ýene-de okaň

Wladimir Putin Hindistana döwlet sapary bilen bardy

Ýaponiýa-Merkezi Aziýa sammiti dekabrda Tokioda geçiriler

Türkmenistanyň we Somaliniň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

Wladimir Putin Hindistanda döwlet saparynda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Kuweýt Döwletiniň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy