JEMGYÝET

Garaşsyzlyk baýramynyň dabaraly harby ýörişi

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk ýörişi baýdak göterijiler topary bilen açyldy. Olar dabaraly ýörişiň owazy astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň baýdaklary bilen Döwlet münberiň öňünden ynamly gadamlar bilen geçdiler.

Mertebe tuguna deňelýän bu baýdaklar Watana wepalylygyň alamaty hökmünde ygtybarly gollarda saklanylýar. Ata-babalarymyzyň watançylyk ýörelgelerine ygrarly nesiller Döwlet baýdagymyzy we goşun görnüşleriniň baýdaklaryny belent parladyp, mizemez watançylyk ruhuny döretdiler.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary bu günki dabaraly harby ýörişde özleriniň ýaş watançy nesillerdigini subut etdiler. Olaryň sazlaşykly we ynamly gadamynda ata Watanymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza wepalylyk, kasama ygrarlylyk duýuldy.

Harby ýörişiň şu ajaýyp pursadynda Aýratyn Hormat garawuly batalýonynyň harby gullukçylary meýdançada Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň şekilini emele getirdiler.

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly ýörişde Döwlet münberiniň meýdançasynda göni ýaýlym arkaly ekranda görkezilen söweşjeň gämilerdir karterler ýurdumyzyň howpsuzlygyny üpjün edýärler. Dabaraly harby ýörişi Harby-deňiz güýçlerine gelip gowşan hem-de iň döwrebap ýaraglar bilen ýaraglandyrylan «Deňiz han» atly korwet taslamaly söweşjeň gämi bilen başlandy. Her bir ezber deňizçiniň söweşjeň gämilere erk edişi olaryň taýýarlyk derejesiniň ýokarydygyny bütin aýdyňlygy bilen subut edýär.

Ata Watanymyzyň asuda asmanynyň, parahat zemininiň mukaddes goragynyň ygtybarly gollardadygyny ykrar edip, dabaraly harby ýörişde harby gullukçylaryň ussatlyk bilen erk eden söweşjeň awtoulaglary, sowutlanan tehnikalary, dikuçarlary, uçarmansyz uçýan enjamlary munuň aýdyň mysalydyr.

Fotosuratlar: “Milli goşun” žurnalynyň resmi saýtyndan alyndy. 

Ýene-de okaň

Wladimir Zelenskiý Türkmenistanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Jozef Baýden Türkmenistanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Nýu-Ýork şäherine sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy giňden bellenildi

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýöriş başlandy

Garaşsyzlyk baýramymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygy bilen gutlaýarys!