JEMGYÝET

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýöriş başlandy

Eziz Diýarymyz Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny belleýär. Häzirki wagtda Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançasynda dabaraly ýöriş başlandy.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu dabara Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

Baýramyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň kärhanalarynyň, guramalarynyň we edaralarynyň tapawutlanan işgärlerini sylaglamak dabaralary geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli gol çeken resminamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň raýatlarynyň topary halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny nazara alyp, Türkmenistanyň ordeni, medallary we hormatly atlary bilen sylaglandylar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk ýörişi göni ýaýlymda görkezilýär.

Related posts

Minyatür sanatçısı Hasan Kale’nin Türkmenistan sergisi

vepa

Adam atlarynyň manysy 05-nji ýanwar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy halkara çäreleriň geçiriljek merkezlerine baryp gördi