JEMGYÝET

Türkmenistanyň wise-premýeri Günorta Koreýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Günorta Koreýanyň paýtagty Seul şäherinde saparda bolýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow Günorta Koreýanyň Premýer-ministri Han Dok Su bilen duşuşdy. Bu barada koreý metbugaty habar berýär.

Taraplar Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky senagat, gurluşyk, medeniýet we bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Han Dok Su iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berip, koreý kompaniýalarynyň Türkmenistandaky iri infrastruktura taslamalaryna has işjeň gatnaşmaga hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardyklaryny belledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow koreý kompaniýalarynyň Türkmenistandaky işleri barada aýdyp, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini mälim etdi.

Related posts

Türkiye Bursları Başvurularında son günler

vepa

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň parlamentiniň wekiller palatasynyň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyjylara

Leave a Comment