JEMGYÝET

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň internet saýty döredildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň internet saýty döredildi. Bu barada Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde belledi.
Milli Liderimiz şeýle diýdi: «Biz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, teleradioýaýlymlaryň, döwürleýin metbugatyň, elektron neşirleriň, internet saýtlarynyň we beýleki media serişdeleriniň işine uly ähmiýet berýäris. Olary halkymyz bilen jebis aragatnaşyk saklamagyň möhüm gurallary diýip hasap edýäris.
Olardan has netijeli peýdalanmak maksady bilen, biz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça metbugat wekilini media serişdeleri bilen içgin aragatnaşyk saklamaga borçlandyrdyk.
Ilatyň biziň alyp barýan işlerimiz bilen tanyşmagy üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň internet-saýty döredildi».

Internet saýtyna şu salgy boýunça girip bolýar: «maslahat.gov.tm».

Related posts

Dalaşgärleri hödürlemek möwsümi başlady

Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi

Internetde Dörän söýgi

vepa

Leave a Comment