DÜNÝÄ

Mottaki: Owganystan TOPH gaz geçirijisini durmuşa geçirmäge ygrarly

Owganystanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň we beýleki ulag-aragatnaşyk taslamalarynyň gurluşygynyň täze tapgyrlarynyň başlanmagy mynasybetli brifing geçirildi.

Brifinge Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Amir Han Mottaki we ministrligiň bölüm müdirleri, daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň Kabuldaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Brifingiň başynda Amir Han Mottaki çykyş edip, 11-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahundyň gatnaşmaklarynda türkmen-owgan serhediniň golaýyndaky «Islim-Çeşme» serhet nokadynda birnäçe desgalary işe girizmek, şeýle hem gurluşygyna badalga bermek dabarasynyň geçirilendigini belledi. Türkmenistanyň çäginde TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy bilen bagly işleriniň tamamlanandygy we Owganystanyň çägindäki işlere girişilendigi hem aýratyn nygtaldy.

Amir Han Mottaki Owganystanyň bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine ygrarlydygyny belledi. Bu ugurdaky ähli zerur resminamalaryň Owganystan tarapyndan ylalaşylandygy we gol çekdilendigi bellenildi. Şeýle hem gazyň esasy böleginiň Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana iberiljekdigi nygtaldy.

Şunuň bilen birlikde, elektrik, demir ýol we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň taslamalarynyň işe girizilendigi bellenildi.

Jenap Mottaki Owganystan üçin goňşy we sebit ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmegiň örän möhümdigini, Türkmenistanyň gatnaşmagyndaky taslamalaryň işe girizmegi bolsa, beýleki ýurtlaryň hem gatnaşmagyndaky geljekki halkara taslamalaryna kuwwatly itergi berjekdigini belledi.

Şeýle-de brifingiň barşynda Özbegistan – Owganystan – Pakistan demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasy hem-de Turgundy – Spin-Buldak ugry, «CASA-1000» taslamasynyň durmuşa geçirilmegi we Owganystanyň Kunduz welaýatynyň we Täjigistanyň arasynda demir ýolunyň gurluşygy barada durlup geçildi. Owgan tarapynyň Wakhan geçelgesiniň üsti bilen Hytaýa ýükleri daşamagy ýola goýmaga we Lapis Lazuli üstaşyr geçelgesi boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigi hem nygtaldy.

Soňra Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hoja Öwezow çykyş etdi. Ilçi 11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde geçirilen çäreler, olaryň tutuş sebitiň durmuş-ykdysady ösüşi nukdaýnazaryndan ähmiýeti barada gürrüň berdi. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň buýrugyna laýyklykda Owganystana iberilen ynsanperwerlik ýüküniň ähmiýeti nygtaldy.

Ýene-de okaň

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk