DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Gyrgyzystan 18 ylalaşyk boýunça iş alyp barýar

Düýn Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda Gyrgyz Respublikasynyň Ga­raş­syz­ly­gynyň 33 ýyl­ly­gy­ny mynasybetli brifing guraldy. Oňa “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.

Gyrgyz Respublikasynyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri, hususan-da, Gyrgyz Respublikasynyň Ga­raş­syz­ly­gynyň 33 ýyl­ly­gy­nyň bellenýän ýylyndaky üstünliklerine bagyşlanan media brifingine Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisi Ahmet Demirok, daşary ýurt döwletleriň ilçihanalarynyň wekilleri hem-de žurnalistler gatnaşdy.

Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Aziz­bek Mad­ma­row çy­kyş edip, öz we­kil­çi­lik ed­ýän ýur­du­nyň soň­ky üç ýyl­da­ky yk­dy­sa­dy ösüş dep­gi­ni, ama­la aşy­ryl­ýan dur­muş-yk­dy­sa­dy, de­mok­ra­tik öz­gert­me­ler, ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň ber­di. Dip­lo­ma­tyň aýt­ma­gy­na gö­rä, soň­ky ýyl­lar­da ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de dur­nuk­ly ösüş sak­la­nyp, je­mi içer­ki önü­miň or­ta­ça ösüş dep­gi­ni 7 gö­te­ri­me deň bol­dy we äh­li pu­dak­lar­da ýo­ka­ry ne­ti­je­ler ga­za­nyl­dy. 2023-nji ýyl­da je­mi içer­ki önüm ba­bat­da ta­ry­hy sep­gi­de ýe­til­di. Şon­da onuň möç­be­ri 1 tril­li­on 229 mil­li­on so­ma (tak­my­nan, 14 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry) ba­ra­bar bo­lup, mu­nuň özi ge­çen ýyl­lar­da­ky­dan gör­ne­tin ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­dir.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, soň­ky iki ýyl­da dost­luk­ly ýurt­da Hy­taý — Gyr­gy­zys­tan — Öz­be­gis­tan de­mir ýo­ly, «Kam­bar-Ata-1» suw elekt­rik stan­si­ýa­sy ýa­ly iri tas­la­ma­lar ama­la aşy­ry­lyp baş­lan­dy. Munuň özi hem Gyrgyzystanyň maýa goýum boýunça özüne çekiji ýurtdygynyň subutnamasy bolandygyny belledi.

Dag­lyk ýurt ha­sap­lan­ýan Gyr­gy­zys­tan­da 140 mil­liard ki­lo­wat sa­gat möç­ber­de elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik bo­lup, hä­zir­ki wagt­da onuň di­ňe 10 gö­te­ri­mi peý­da­la­nyl­ýar. Bu ugurda hem iri taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçilikleriniň bardygy aýdyldy.

Bri­fin­giň ahy­ryn­da il­çi­ha­na ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nan, Gyr­gy­zys­ta­nyň se­bit­le­rin­de ama­la aşy­ryl­ýan dür­li mak­sat­ly tas­la­ma­lar bi­len ta­nyş­dyr­ýan gys­ga­ça wi­deo­film­ler gör­ke­zil­di. Soň­ra dip­lo­mat žur­na­list­le­ri gy­zyk­lan­dyr­ýan so­wal­la­ra jo­gap ber­di.

Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky sowala jogap beren ilçi Aziz­bek Mad­ma­row Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow döwlet baştutany wezipesine saýlanandan soňra ilkinji saparyny Türkmenistana amala aşyrandygyny belläp, Türkmenistan bilen gatnaşyklara aýratyn gadyr goýulýandygyny aýtdy.

Hususan-da, ilçi häzirki wagtda ener­ge­ti­ka, ulag, söw­da ýa­ly ugurlary öz içine alýan iki­ta­rap­la­ýyn yla­la­şyk­la­ryň 18-si­niň üs­tün­de iş­ alyp barylýandygyny aýtdy.

Ilçi tebigy gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky sowala beren jogabynda bu ugurda degişli gepleşikleriň geçirilýändigini aýtdy. Ilçi Gyrgyz Respublikasynyň tebigy gazy esasan hem Russiýadan alýandygyny aýdyp, munuň hem ýurduň zerurlyklaryny doly üpjün etmeýändigini aýtdy.

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda Eýranyň Ýalda baýramçylygy bellendi

Özbegistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

“Financial Times” Donald Trump-y ýylyň şahsyýeti yglan etdi

Özbegistan 300 taslama üçin 43 milliard dollar gönükdirer

Eýranyň Prezidenti 11 ýyldan soňra Müsüre bardy

Putin: Tramp bilen duşuşmaga taýýar