DÜNÝÄ

Hytaýyň Başlygy Gazagystana barar

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin 16–17-nji iýunda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Gazagystana sapar bilen baryp görer.

Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.

Saparyň çäklerinde ýokary derejede ikitaraplaýyn duşuşyk meýilleşdirilýär, duşuşykda gazak-hytaý giň gerimli strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

“Astanada 17-nji iýunda sebitdäki döwlet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ‘Merkezi Aziýa – Hytaý’ ikinji sammiti geçiriler” diýlip habarda aýdylýar.

Related posts

Türkmenistanyň ilçisi Hiroşima we Nagasaki şäherlerinde geçirilen hatyra çärelerine gatnaşdy

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary bilen duşuşdy