SPORT

Poçettino ABŞ-nyň milli ýygyndysyna tälim berer

Maurisio Poçettino ABŞ-nyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellendi.  Bu barada ABŞ-nyň futbol federasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Argentinaly tälimçi ABŞ-nyň milli ýygyndysy ýerle eýeli hökmünde çykyş edýän 2026-njy ýylda dünýä çempionatyna taýýarlar. ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň ozalky tälimçisi Gregg Berhalter geçen ýylyň awgustynda wezipesinden boşadylypdy. Ýöne şu ýylyň iýulynda wezipesini tabşyrdy.

Şu ýylyň tomsunda ABŞ-nyň milli ýygyndysy Amerikanyň Kubogy ýaryşynda şowsuz çykyş etdi. Toparçadan hem çykyp bilmedi.

Maurisio Poçettino hem ozal Angliýanyň “Çelsi” toparyna tälim berdi. 52 ýaşyndaky hünärmen bu toparda bir möwsüm işledi.

“Tottenham Hotspur”, “Çelsi”, “PSŽ” we “Espanýol” ýaly güýçli futbol toparlaryna tälim beren Poçettino german hänrmen Ýurgen Klinssmandan soňra ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň baş tälimçiligine bellenen meşhur tälimçi boldy.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler