MEDENIÝET

34 harply türki dünýäsiniň umumy elipbiýi dörediler

34 harpdan ybarat bolan türki dünýäsiniň umumy elipbiýi babatda degişli ylalaşyk gazanyldy. Bu barada Halkara türk akademiýasynyň hem-de Türki dilleriň institutynyň bilelikdäki beýanatynda habar berýär.

Şu ýylyň 9-11-nji sentýabry aralygynda Baku şäherinde Halkara türk akademiýasy hem-de Türki dilleriň instituty tarapyndan türki dünýäsiniň umumy elipbiýi boýunça toparyň 3-nji mejlisi geçirildi.

Bu duşuşygyň esasy maksady Türki döwletleriň guramasy tarapyndan döredilen toparyň türki dilleriň umumy elipbiýini döretmek boýunça edilen işlere garamakdan ybarat boldy.

Alymlar tarapyndan 1991-nji ýylda teklip edilen latyn harplaryň esasynda umumy türki dünýäsiniň elipbiýini döretmek taslamasy hemmetaraplaýyn seljerildi. Toparyň agzalary giň gerimde geňeşmeler geçirdi.

Şolaryň netijesinde türki dünýäsiniň 34 harpdan ybarat bolan umumy elipbiýini döretmek boýunça ylalaşyk gazanyldy.

Halkara türk akademiýasynyň hem-de Türki dilleriň institutynyň ýolbaşçylary Türki döwletleriň ýolbaşçylaryna bu taslamany goldandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy