MEDENIÝET

2021-nji ýylyň iň meşhur aktýorlary we aktrisalary

Kinematografiýa äleminiň köp sanly maglumatlaryny özünde jemleýän IMDb portaly 2021-nji ýylyň iň meşhur aktýorlarynyň we aktrisalarynyň sanawyny düzdi. Bu sanaw sungat işgärleriniň portaldaky hasaplaryna görülmeginiň möçberi esasynda düzüldi.

IMDb portalynyň sanawyna görä, birinji orny Elizabet Olsen eýeledi. Onuň meşhurlygyny “WandaWižen” serialy has-da ýokarlandy. Ikinji orny Rege-Žan Peýj, üçünji orny bolsa Florens Pýu eýeledi.

Dördünji orny kubaly aktrisa Ana de Armas, 5-nji orna bolsa Anýa Teýlor-Joý mynasyp boldy. Şeýle hem Aleksandra Daddario, Jodi Komer, Ben Barns we Lili Jeýms ýaly sungat ussatlary hem bu sanawda ilkinji 10-lyga girmegi başardy.

 

19 desga hususylaÅŸdyrylar

Related posts

Tirsegi bilen hozlary döwüp, rekord goýdy

Ata Watan Eserleri

Täze filmlere garaşylýar

Ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyry