SPORT

Ronaldonyň gymmaty pese gaçdy

“Transfermarkt” portaly Saud Arabystanynyň premýer-ligasynyň futbolçylarynyň bazar bahalary barada sanawy çap etdi. Şoňa görä, “Al-Nasr” toparynyň portugal ýyldyzy Kristiano Ronaldonyň gymmaty 15 million ýewrodan 12 million ýewro çenli azaldy.

Bu, “Ballon d’Or”, ýagny “Altyn pökgi” baýragyny 5 gezek gazanan 39 ýaşly futbolçynyň karýerasyndaky iň pes görkezijisidir.

Birinji ýerde “Al-Ittihad” toparynyň fransuz ýarymgoragçysy Moussa Diabi (35 million ýewro) barýar.

Bu möwsümde Ronaldo “Al-Nasr” topary bilen ähli ýaryşlarda 19 duşuşykda oýnap, 16 pökgi geçirdi.

Related posts

Ildeşimiz Döwletjan bu gezek hem ýeňiş gazanyp bilmedi

Iň owadan logotipli futbol topary

Ata Watan Eserleri

Lebron Jeýms Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji milliarder türgeni

Ata Watan Eserleri