SPORT

“Barselona” ýeňdi, “Espanýol” 2-nji liga düşdi

Ispaniýa çempionatynyň 35-nji tapgyrynda “Barselona” öz meýdançasynda “Espanýol” toparyny kabul etdi. Toparlaryň ilkinji duşuşyklary 0-0 hasaby bilen tamamlandy. Bu duşuşykda bolsa oýnuň 56-njy minutynda Luis Suarez tapawutlandy. Bu goly bilen Suarez “Barselona” toparynyň köýnekçesinde 195-nji goluny geçirmegi başardy we toparyň iň gowy hüjümçileriň arasynda üçünji orna geçdi. “Barselona” toparyň iň gowy hüjümçileriniň sanawy:

Lionel Messi (630 gol)

Sezar Rodrigez (232 gol)

Luis Suarez (195 gol)

Oýnuň dowamynda iki toparyň oýunçylary gyzyl petek alyp, meýdany terk etdiler, olar: Ansu Fati (50 min.), Pol Losano (54 min). Şeýlelikde 76 utuk toplan “Barselona” sanawda ynamly ikinji orny eýeleýär.

Bu duşuşugyň netijesi boýunça “Espanýol” topary 2-nji liga düşdi. Mundan beýläk, katalon toparlarynyň derbi duşuşygyny tomaşa etmek mümkinçiligi bolmaýar. “Espanýol” topary şu möwsümde 2-nji liga düşen ilkinji topar boldy.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy