SPORT

UEFA Super kubogy “Bawariýanyňky”

Goşmaça wagtyň ahyrynda “Sewilýany” 2-1 hasabynda ýeňen “Bawariýa” UEFA Super kubogynyň çempiony boldy. “Bawariýa” taryhda ikinji gezek UEFA Super kubogyna eýe boldy.

Wengriýanyň paýtagty Budapeştde geçirilen 45-nji UEFA Super kubogynda, Çempionlar ligasynyň ýeňijisi Germaniýanyň “Bawariýa” topary we Ispaniýanyň Ýewropa ligasynyň çempiony “Sewilýa” topary duşuşdy. 16 müňe golaý adam tarapyndan tomaşa edilen bu duşuşyk koronawirus pandemiýasy döwründe tomaşaçylaryň kabul edilen ilkinji UEFA oýny boldy.

Duşuşygyň dowamynda argentinaly ýyldyz Okampos jerime urgusynda, oýnuň 13-nji minutynda Sewilýany 1-0 hasabynda öňe saýlady. “Bawariýa” 34-nji minutda hasaby deňledi. Duşuşygyň birinji ýarymy 1-1 hasabynda tamamlandy. Duşuşygyň ikinji ýarymy hem hasap deňme-deň tamamlandy. “Bawariýa” topary Hawi Martines tarapyndan 104-nji minutda 2-1 hasaby bilen öňe saýlanmagy başardy.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar