DÜNÝÄ

Türkiýeden wiza ýeňilligi barada kararnama

Türkiýe Respublikasy Yrak Respublikasynyň raýatlaryna wiza ýeňilligini döretmegi meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň resmi gazetinde çap edilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gol çeken kararynda bellenilip geçilýär.
Şol kararnama laýyklykda, Yrak Respublikasyndan gelen 15 ýaşdan kiçi we 50 ýaşdan uly umumy pasport eýelerine wiza ýen̈illigi dörediler.
Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň gol çeken kararnamasyna görä, 15 ýaşyndan kiçi we 50 ýaşyndan uly umumy pasport eýeleri Türkiýä 180 gün içinde iň köp 90 günlük syýahatlarynda we üstaşyr geçişlerinde wizadan boşadylýar.

Bu  karary 1-nji sentýabrda güýje girip, 6458 belgili Daşary ýurtlulary we halkara gorag kanunynyň 18-nji maddasyna laýyklykda kabul edildi.

Related posts

Rekord! Italiýada 12 sagatdan köp dyngysyz ýagyş ýagdy

Ata Watan Eserleri

Türkiýe we Türkmenistan: Meredowyň Çawuşogly bilen duşuşygy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistan pes uglerodly energiýany ösdürmegi goldaýar