DÜNÝÄ

Premýer-ministr Kisida Merkezi Aziýanyň Prezidentleri bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 9-njy awgustynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” dialogynyň sammiti geçirilmegi meýilleşdirilipdi. Ýöne oňa Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň öz ýurdunda ýertitreme hadysasynyň bolmak töwekgelçiligi bolandygy üçin gatnaşmaýandygy üçin bu sammit yza süýşürildi.

Şondan soňra Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň metbugat gullugy habar berýär.

Ýaponiýanyň hökümetiniň başlygy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem-de Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, öz ýurdunda bolup geçen güýçli tebigy hadysa barada aýdyp, Ýaponiýanyň Meteorologiýa agentliginiň ýene-de güýçli ýertitreme hadysasynyň ýüze çykmak mümkinçiligi barada habarly etmegi bilen Merkezi Aziýa saparyny yza süýşürmek barada karara gelendigini belledi.

Kisida Ýaponiýanyň Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklaryny has-da ilerletmäge taýýardygyny ýene-de bir gezek belläp, özüniň bu saparyna taýýarlyk görlendigi üçin Merkezi Aziýanyň Prezidentlerine öz hoşallygyny bildirdi.

Ol bu gezek Merkezi Aziýa baryp bilmändigi üçin gynandygyny belläp, özüniň Merkezi Aziýa täzeden saparyny guramak babatda utgaşykly iş alyp barmaga taýýardyklaryny belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň daşary ýurt ilçihanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler

Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Brýusselde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda nobatdaky parlamentara duşuşygy geçirildi