SPORT

Ýewropa çempiony “Barselona” toparynda oýnar

Ispaniýanyň milli ýygyndysy bilen Ýewropa çempionatynda çempion bolan ispan futbolçy Dani Olmo “Barselona” topary bilen şertnama baglaşdy. Futbolçy bilen ispan toparynyň şertnamasynyň möhleti 2030-njy ýylyň tomsuna çenlidir.

Şertnamada Olmony satyn almagy bahasy 500 million ýewro hökmünde kesgitlendi.

Dani Olmo mundan ozal, Germaniýanyň “Leipsig” toparynda düzüminde çykyş edip, ol ýerde 32 duşuşykda oýnady. Onuň nemes topary bilen şertnamasynyň möhleti 2027-nji ýylyň tomsunda tamamlanýar.

Dani Olmo golaýda Germaniýada geçirilen Ýewropa çempionatynda görkezen oýny bilen köp sanly futbol toparlarynyň gyzyklanmasyna eýe boldy.

“Transfermarkt” internet portalynyň maglumatyna görä, Olmonyň bazar bahasy 60 million ýewro deňdir.

Olmo ýaşlygynda 7 ýyl “Barselona” toparynyň akademiýasynda futbol oýnady.

Related posts

17 ýaşly Ýamal “Golden Boy” baýragyna mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Messiniň “Barselona” taryhy tamamlandy

«Der Klassikeriň» ýeňijisi – «Bawariýa»