SPORT

17 ýaşly Ýamal “Golden Boy” baýragyna mynasyp boldy

Ispaniýanyň ýaş futbolçysy Lamin Ýamal “Golden Boy” baýragyna mynasyp boldy. Bu baýrak Ýewropada ýylyň iň ýaş futbolçysyna gowşurylýar.

Şeýlelikde, “Barselona” toparynyň 17 ýaşly futbolçysy Ýewropanyň iň güýçli ýaş futbolçysy adyna eýe boldy. Ol Ispaniýanyň milli ýygyndysy bilen Ýewropa çempiony bolup, birnäçe rekordlaryň eýesi boldy.

Bu baýrak Italiýanyň “Tuttosport” gazeti tarapyndan gowşurylýar we 2003-nji ýylda döredildi.

Şeýle hem Ýamal oktýabr aýynda “France Football” žurnaly tarapyndan dünýäniň iň gowy ýaş futbolçysy bolupdy.

2023-nji ýylda “Golden Boy” baýragyna iňlis futbolçy Jud Bellingem mynasyp bolupdy. Ondan ozal, bu baýraga degişlilikde 2022-nji we 2021-nji ýyllarda “Barselona” toparynyň ýaş futbolçylary Gawi bilen Pedri mynasyp boulpdy.

Öz döwründe Messi 2005-nji ýylda, Kilian Mbappe 2017-nji ýylda we Erling Holand 2020-nji ýylda bu abraýly baýragyň eýesi boulpdy.

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy