SPORT

Weýnaldum ahyry “PSŽ” toparyna geçdi

Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň ýarymgoragçysy Jorjinýo Weýnaldumyň Fransiýanyň “PSŽ” ýa-da Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň birini saýlamagyna garaşylýardy. Ol hem Fransiýanyň “PSŽ” toparyny saýlady we 2024-nji ýyla çenli şertnama baglaşdy. Bu barada fransuz toparynyň metbugat gullugy habar berýär.

30 ýaşyndaky Weýnaldum 2020/21-nji möwsümde “Liwerpul” toparynyň düzüminde 51 duşuşykda çykyş edip, 3 gezek tapawutlandy. Ol bu toparyň düzüminde çykyş eden döwründe Çempionlar Ligasyny, 2019/20-nji ýylyň möwsümde Angliýanyň çempiony, toparlaryň dünýä çempionatyny we UEFA-nyň Superkubogyny gazandy.

Weýnaldum ozal, Niderlandlaryň “Feýenord”, “PSW” hem-de Angliýanyň “Nýukasl” toparlarynda çykyş edipdi.

 

Ýewro-2020 futbol çempionaty badalga alýar

Ýene-de okaň

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy

Angliýa, Belgiýa we ABŞ 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň oýunlaryna 5 million janköýer gatnaşdy

Eldor Şomurodowyň goly toparçalaýyn tapgyryň iň owadan goly hasaplandy

Erling Holandly Norwegiýa 1/8 finalyna çykdy