JEMGYÝET

Arda Güler Kristiano Ronaldonyň rekordyny täzeledi

Ýewropa çempionatynda Türkiýäniň milli ýygyndysy bilen Gruziýanyň milli ýygyndysy duşuşdy. Bu duşuşygyň 62-nji minutynda uzak aralykdan owadan gol bilen tapawutlanan türk futbolçy Arda Güler özüniň ilkinji Ýewropa çempionatynyň ilkinji duşuşygynda tapawutlanan iň ýaş futbolçy boldy. Ol 19 ýaş we 114 gün döwründe Ýewropa çempionatynda tapawutlanmagy başardy.

Mundan ozal, bu üstünlik portugal ýyldyz Kristiano Ronaldo degişlidi. Ol 2004-nji ýylda 19 ýaş we 128 günde Gresiýanyň derwezesinden gol geçiripdi.

Arda Güler özüniň Ýewropa çempionatyndaky ilkinji duşuşygynda Kristiano ronaldo we wenger futbolçy Ferens Benden (1964-nji ýyl) soňra tapawutlanan tapawutlanan 3-nji futbolçy boldy.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy