JEMGYÝET

Ýewro-2024: Türkiýe Ýewropa çempionatyna ýeňiş bilen başlady

Germaniýada dowam edýän futbol boýunça Ýewropa çempionatynda “F” toparçasyndaky ilkinji duşuşyklar geçirildi. Dortmund şäherindäki “Signal Iduna Park” stadionynda Türkiýäniň milli ýygyndysy Gruziýanyň milli ýygyndysy bilen duşuşdy.

Argentin emin Fakundo Telýonyň eminlik eden duşuşygynda Türkiýäniň ýygyndysy 3:1 hasabynda üstün çykdy. Şeýlelikde, türk ýygyndysy özüniň taryhynda ilkinji gezek Ýewropa çempionatynda ilkinji duşuşygyny ýeňiş bilen başlady.

Türkiýäniň ýygyndysyndan 25-nji minutda Mert Müldür, 65-nji minutda Arda Güler, şeýle hem 90+7-nji minutda Kerem Aktürkogly tapawutlandy.

Gruziýanyň ýeke-täk goluny 32-nji minutda Jorj Mikautadze öz adyna ýazdyrdy. Gruziýanyň ýygyndysy ilkinji gezek Ýewropanyň çempionatyna gatnaşýar.

 

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideri: türkmen gazyny Hazaryň we Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä ibermek üçin mümkinçilikler bar

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Ali Hameneýä gynanç bildirdi

500 ýyldan soň ilkinji gezek

Ata Watan Eserleri