JEMGYÝET

Azerbaýjanda Türki Döwletleriň Guramasynyň sammiti geçiriler

Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew Türkmenistanyň Prezidentine mukaddes Gurban baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu gutlag hatynda geljek aýda Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde geçiriljek Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklary bellenilip geçildi. 

Hususan-da, gutlag hatynda şeýle diýilýär:

– Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Size mähirli gutlaglarymy ibermäge şatdyryn. Pikirlenmegiň we şükür etmegiň wagty bolan bu baýram agzybirligi hem-de rehimdarlygy alamatlandyrýar. Bu mübärek günlerde biz umumy mirasymyzyň güýjüni, bizi jebisleşdirýän gymmatlyklary ýatlaýarys.

Bu gün biz türki döwletleriň arasyndaky berk gatnaşyklaryň şaýady bolýarys hem-de geljek aýda Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde geçiriljek Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Bu sammit biziň hyzmatdaşlygymyzy we geljege bolan umumy garaýyşlarymyzy has-da pugtalandyrar.

Siziň Alyhezretiňize rowaçlyk, ähli başlangyçlaryňyzda üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Related posts

ATAVATAN TÜRKMENİSTAN DERGİSİ VI. SAYISINI YAYINLIYOR

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti german işewürleriniň bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri