Angliýanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň final duşuşygy London şäherindäki meşhur “Uembli” stadionynda geçirildi. Onda ýurduň iki güýçli topary çempion “Mançester Siti” bilen “Mançester Ýunaýted” topary duşuşdy.
Köp sanly janköýerler “Mançester Siti” toparynyň ýeňiş gazanjakdygyna ynanan bolmagy mümkin. Oýun hem şony görkezdi. Ýöne “Mançester Ýunaýted” topary duşuşygyň 30-njy we 39-njy minutlarda döreden amatly mümkinçiliklerindne peýdalandy we Alhandro Garnaçonyň we Kobbie Mainonyň gollary bilen 2;1 hasabynda ýeňiş gazandy.
Şeýlelikde, “Mançester Ýunaýted” topary 13-nji gezek bu kubogy gazandy we geljek möwsümde UEFA Ýewropa ligasynda çykyş etmek mümkinçiligine eýe boldy. Şeýle hem topar awgust aýynda Angliýanyň Superkubogyny gazanmak ugrundaky duşuşykda oýnar.
Angliýanyň Kubogy dünýäniň iň gadymy kubok ýaryşlarynyň biridir. Ol 1871-nji ýylddan bäri geçiriliň gelinýär. Mançester derbisi bu ýaryşda 2-nji gezek geçirildi.
